Hünär-tehniki bilimi boýunça

 


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ ÝANYNDAKY ULAG WE KOMMUNIKASIÝALAR AGENTLIGINIŇ 

“TÜRKMENDEMIRÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI DEMIR ÝOL ULAGLARY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2024/2025-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky hünär ugurlaryndan hünär-tehniki bilimi boýunça 

talyplyga we gysga möhletli okuwlara (hünär taýýarlygy) kabul edýändigini yglan edýär:


 


Başlangyç hünär bilimi boýunça:



1.         Teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi.

         


Hünär-tehniki okuw mekdebine başlangyç hünär bilimi boýunça Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.


Okuwyň  möhleti 1,5 ýyl hem-de tölegli.


Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:


  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy ( Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýünden);
  • ýaşaýan ýeri boýunça neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezinden kepilnama;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.


  • pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
  • Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.


Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.


Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň awgust  aýynyň  28-29-y    günlerinde Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär  okuw mekdebinde geçirilýär.


Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Türkmenistanyň taryhy we matematika  derslerinden geçirilýär.


Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň  orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.


Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.


Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.


Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.


Gysga möhletli okuwlar: 


  • Buhgalteriýa – 4 aý. 
  • Kompýuter sowatlylygy – 100 sagat.
  • Iňlis dili - 3 aý.
  • Rus dili -  3,5 we 4,5 aý.
  •  


Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:


-           bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;


-           pasportynyň göçürmesi;


-           bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;


-           3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;


 


Bellik: 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär;


alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy barada döwlet nusgadaky şahadatnama berilýär.

                                                                                                    


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň 

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: 


Aşgabat ş. 2035 (Kemine) köçesiniň 84-nji jaýy, 


tel:993(12) 94-31-47, 94-31-27.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27