Sport


Türkmenistan Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň  netijesinde, Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň ösmeginde wajyp hasaplanylýar. 
Gahryman Arkadagymyz: «Sport — munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr» diýip belleýär. 
Hormatly  Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Raýatlaryň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyran beýik taglymatynyň miweleridir.
2023-nji ýylda “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” ady bilen hünär – tehniki we orta hünär okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda sportuň 12 görnüşi bilen geçirilen ýaryşlarda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplary 2-nji orna mynasyp boldular.

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary  “Bütindünýä welosipetli ýörişi” güni mynasybetli welosipetli ýöriş geçdiler.
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň, Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň, Söwda-koperatiw orta hünär okuw mekdebiniň arasynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Ýaryşda mekdebimiziň talyplary 1-nji orna mynasyp boldular.
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda  Aşgabat stadionynda "Türkmenistan Ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy" atly ХIII  Spartakiýadanyň çäklerinde Ýeňil atletikadan Türkmenistanyň hünär - tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen ýaryşda orta hünär okuw mekdebiniň talyplary 4-nji orna mynasyp boldular.

5-nji oktýabrda Ýaş Olimp sport mekdebinde suwda ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda orta hünär okuw mekdebiniň talyplary 4-nji orna mynasyp boldular.
Oktýabr aýynda orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary 3-nji orna mynasyp boldular.

Paýlaş

Biz barada

Türkmenistan Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň  netijesinde, Türkmenistanda sport [...]

Sanly bilim

Türkmenistan Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň  netijesinde, Türkmenistanda sport [...]

Kitaphana

Türkmenistan Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň  netijesinde, Türkmenistanda sport [...]

Sport

Türkmenistan Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň  netijesinde, Türkmenistanda sport [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27