Kitaphana
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürüp, has-da belent derejelere ýetirmek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatly beýik işlerini mynasyp dowam etdirmegi netijesinde, röwşen gelejegimize batly gadamlar bilen barýarys. Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bu gün kitaphanamyzyň kitap tekjelerini bezäp, her bir okyjynyň, talypdyr-mugallymlarymyzyň ýankitaby, ýol-ýörelgesi bolup hyzmat edýär.
Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebimiziň kitaphanasynyň kitap gaznasy ýurdumyzda çap edilýän okuw kitaplary, okuw gollanmalary, mundan başga-da mugallymlaryň ýazan okuw gollanmalary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.
2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli mekdebimiziň kitaphanasynda kitaplaryň sergisi gurnaldy. Kitaphanamyzda orta hünär okuw mekdebimiz barada neşir edilýän maglumatlaryň ýygyndylary, Türkmenistanda giňden bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanylyp neşir edilen maglumatlaryň ýygyndylary hem bar.
Demir ýol pudagyna degişli bilimlerini has-da ösdürmek üçin talyp ýaşlarymyz kitaphanamyzda bar bolan “Demir ýolda otlularyň hereketi we manýowr işi boýunça düzgünnama”, “Türkmenistanyň demir ýolunda signallandyrma boýunça düzgünnama” we “Türkmenistanyň demir ýoluny tehniki ulanmagyň kadalary” ýaly kitaplaryndan peýdalanýarlar.
Kitaphanamyzda talyplara ylmy nutuklary, referatlary, ýyllyk we diplom işlerini ýazmaklykda usuly kömek berilýär.
Kitaphana talyplar hem-de mugallymlar üçin gazet-žurnallar we türkmen dilinde umumy sapaklar bilen üpjün edilen.
Mekdebiň bilim portalynyň esasynda, okyjylar üçin elýeterli bolan elektron kitaphanasy döredilip, ol okuw kitaplaryň, okuw gollanmalaryň elektron görnüşi bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.