Sanly bilim


Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy  Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy boýunça  degişli işler alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklyk üçin kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.
Konspesiýanyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler boýunça Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde mugallymlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebimizde giň möçberli işler alnyp baryldy, şol sanda:
  • Mekdebiniň bar bolan maglumat-aragtanaşyk ulgamynda içerki torda işleýän sanly bilim portaly ornaşdyryldy we elektron kitaphanasy hereket edýär.
  • Mekdebiniň içerki torda hereket edýän bilim portalynda elektron bilim gorlary, ýagny bilim maksatly maglumatlar toplumlary (elektron kitaplar, okuw maksatnamalar, gollanmalar, umumy, amaly we tejribe sapaklaryň sanly toplumy, wideoşekilli we audio maglumatlar, presentasiýalar, testler we logiki sowalnamalar we ş.m.) ýerleşdilirildi hem-de olar yzygiderli baýlaşdyrylýar.
  • Mekdebinde mugallymlar we talyplar üçin ýokary tizlikli internet hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin mümkinçilikler döredildi. 


Paýlaş

Biz barada

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ç [...]

Sanly bilim

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ç [...]

Kitaphana

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ç [...]

Sport

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ç [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27