Biz barada


Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýurdumyzda orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hakynda” 2012-nji ýylyň 06-njy iýulyndaky 12419 belgili Karary esasynda, “Türkmendemirýollary agentliginiň 2012-nji ýylyň 09-njy iýulyndaky 243/M belgili buýrugy bilen döredildi.
Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde  şu aşakdaky:

  1. Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk;
  2. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak;
  3. Demir ýollarynyň gurluşygy, ýollar we ýol hojalygy;
  4. Lokomotiw hojalygy;
  5. Wagon hojalygy;
  6. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi;
  7. Kompýuter ulgamlary we toplumlary; 
  8. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit 
hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Okuwyň möhleti - 2,5 ýyl.

Şeýle hem hünär - tehniki bilim boýunça “Teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi”  hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwyň  möhleti 1,5 ýyl. Okuwlar tölegli. 

Bulardan başga-da ygtyýarnama esasynda, “Teplowozyň  maşinisti” hünäri boýunça 6 aýlyk hünär  taýýarlygy, hünärler boýunça hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak, kompýuter sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuwlar  gurnalýar. 
Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde häzirki wagtda jemi 430 talyp bolup, olardan oglany 219, gyzy 211 talyp.
1-nji ýyl talyplar 217 sany, oglany 103,   gyzy 114, 2-nji ýyl talyplar jemi 213 sany, olardan oglany 116, gyzy 97 sany.
Hünär-tehniki bilimi boýunça “Teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi” hünäri boýunça 21 talyp okaýar.
“Teplowozyň  maşinisti” hünäri boýunça 6 aýlyk hünär  taýýarlygy boýunça 26 sany diňleýji okaýar. 

Orta hünär okuw mekdebimizde hem  Web saýty  işleýär, elektron resminama dolanyşygy gurnaldy. Bilim portaly birikdirilen. Bilim portaly maglumatlar bilen baýlaşdyrylýar. Elektron kitaphana döredildi. Talyplar bilen dersler boýunça  elektron testirlemeleri geçirilýär. Dersler boýunça sapak geçilende, sanly bilim ulgamyny giňden peýdalanyp, bilimiň hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Mugallymlar tarapyndan dersler boýunça elektron sapaklar ýazgy edilýär. Sapaklaryň tertibini elektronlaşdyrmak, mugallymlaryň sanly sowatlylyk boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Mugallymlar tejribe alyşmak maksady bilen, özara sapaklara gatnaşýarlar, göreldeli sapaklary geçýärler. 
Mugallymlar 1-2-nji ýyl talyplary bilen bilelikde “Türkmendemirýollary” agentligine degişli edara-kärhanalarynda bolup, “Maşinistleri taýýarlaýan” tehniki mekdepde oturdylan simulýatorda amaly we tejribe sapaklaryny geçdiler. Bu bolsa  umumy sapaklarda alan bilimlerini nazary sapaklary bilen baglanyşdyryp geçmäge, talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta hünär okuw mekdeplerini ugurdaş ýokary okuw mekdeplerine berkitmek baradaky buýrugyna laýyklykda,  orta hünär okuw mekdebimiz Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag kommunikasiýalar instutytyna berkidilip, bilelikdäki garaşsyz topar we orta hünär okuw mekdebimiziň ýolbaşçylaryndan we mugallymlaryndan düzülen garaşsyz topar döredildi. Döredilen toparlar tarapyndan talyplara berilýän bilimiň hilini has-da gowulandyrmak, talyplaryň bilim derejesini barlamak, mugallymlaryň talyplara obýektiw baha goýuşlaryny seljermek maksady bilen, okadylýan derslerinden testler alnyp aralyk jemlemeler we synaglaryň bahalary bilen deňeşdirme işleri geçirilýär, mugallymlaryň ussatlyklary yzygiderli barlanylýar we degişli usuly kömekler berilýär. 

Biziň salgymyz: Aşgabat ş., 2035-nji (Kemine) köçe, 84, tel.: 94-31-47.




Paýlaş

Biz barada

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi [...]

Sanly bilim

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi [...]

Kitaphana

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi [...]

Sport

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27