Türkmenistanyň we Filippinleriň Ýaponiýadaky ilçileri duşuşdy


29-njy awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Filippinler Respublikasynyň Ýaponiýadaky ilçisi Milen Garsiýa-Albano bilen duşuşdy. Bu barada «Westiabad» internet-neşiri habar berdi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ýokary derejedäki özara saparlaryň, şeýle hem parlamentara, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, taraplar halkara guramalarynyň arasynda täsirli özara gatnaşyklaryň möhümdigine ünsi çekdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mundan beýläk hem ygrarly boljakdyklaryny mälim etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27