BILDIRIŞ
BILDIRIŞ
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini habar berýär:
1. Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk.2. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak.3. Demir ýollarynyň gurluşygy, ýollar we ýol hojalygy.4. Lokomotiw hojalygy.5. Wagon hojalygy.6. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.7. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.8. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
Okuwlar tölegli bolup, bularyň möhleti 2,5 ýyl. Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwy doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky orta hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Biziň salgymyz:
Aşgabat şäheri, 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
tel.: 94-31-27, 94-31-47.
Orta hünär okuw mekdebine,
Hoş geldiňiz!