Innowasiýa maglumat merkezinde e-Mekdep barada “Usuly okuwy” boýunça maslahat geçirildi
Aprel aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň Umumy orta bilim bölüminiň etrap jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda e-Mekdep barada “Usuly okuwy” boýunça maslahat geçirildi. Maslahatda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň garamagyndaky mekdepleriň “e-Mekdep” ulgamynyň ýöredilişiniň, ulanylyşynyň hilini artdyrmak we kämilleşdirmek; şol mekdeplerden “e-Mekdep” ulgamy boýunça jogapkärleri bellemek; “e-Mekdep” boýunça tanyşdyrylyş okuwlary yzygiderli gurnamak, bahalaryň goýulyş tertibini düzgünnamanyň esasynda kesgitlemek baradaky meseleleri düýpli öwrenilip, seredildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “e-Mekdep” ulgamynyň işe girizilişi, umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynynyň ählisiniň doly sanly ulgama geçirilmegi üçin alnyp barylýan işler we öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde her bir hünärmeniň alyp barýan işiniň wajyplygy barada aýratyn aýdylyp geçildi.
Maslahaty jemlemek bilen umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynda “e-Mekdep” ulgamynyň ýöredilişiniň, ulanylyşynyň hilini artdyrmak we kämilleşdirmek boýunça degişli çözgütler kabul edilip, olary ýerine ýetirmek boýunça jogapkärler hem bellenildi.
Çykyş edenler ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri we iň täze innowasion tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.