“Açyk gapylar” gününe çagyrýar.
“Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2024-2025-nji okuw ýylynda orta hünär okuw mekdebinde okamaga isleg bildirýän orta mekdepleriň, başlangyç hünärment mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň ätiýaçlyga goýberilýän esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde hem-de 11-nji maýynda geçirilýän “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.
Açyk gapylar gününde ýaşlar orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş durmuş şertleri barada giňişleýin maglumatlar beriler. Şeýle hem özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.
“Açyk gapylar” güni görkezilen salgyda sagat 15:00-da geçirilýär.
Biziň salgymyz: Aşgabat ş. Kemine köçesiniň 84-nji jaýy. Telefonlar: 943147, 943127.