Halkara maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäherine gezelenç etdiler


Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji güni başlandy. Demir ýol pudagy boýunça guralýan halkara forum paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçýär.
Bu ýerde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda halkara foruma gatnaşyjylar Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherine gezelenç etdiler. Myhmanlar sanly konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasyny özünde jemleýän “akylly” şäheriň gözel ýerlerini syn etdiler. Olar bu ýerde bina edilen dürli maksatly desgalary, zamanabap äheňde gurlan ýaşaýyş jaýlaryny synladylar, ýol-ulag we ýaşaýyş infrastrukturasynda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylandygyna göz ýetirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27