Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde sergi gurnaldy


Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 1-den 4-i aralygynda Keramika nakgaş eserleriniň we türkmen suratkeşleriniň ussatlyk bilen çeken suratlarynyň sergisi gurnaldy. 




Bu sergi  orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ünsüni çekdi, talyplarymyz sergini uly höwes bilen synladylar. Şekillendiriş sungatynyň şeýle özüne çekiji aýratynlyklary her bir talybyň kalbynda öz ornuny tapdy. 
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin talyplar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27