Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşuryş dabarasy
2024-nji ýylyň 4-nji martynda “Demirýollary” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Mejlisler jaýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de ,,Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal - gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabara orta hünär okuw mekdebimiziň gelin-gyzlary gatnaşdylar.