Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplary taryhy-medeni ýadygärliklere baryp gördüler
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy, medeni mirasy bar. Ata babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli ýadygärlikler görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini we taryhyny dünýä ýaýmakda aýratyn orna eýedir.
Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplary fewral aýynyň 29-na Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere we muzeýlere baryp gördüler we olar barada birnäçe maglumatlary özleşdirdiler.
Okamaga, öwrenmäge, hünär almaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berenýänligi üçin hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüreklerinden köp minnetdarlyklaryny bildirdiler.