“Demirýollary” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Mejlisler jaýynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda “Demirýollary” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky wesýetlerini we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndaky öwüt-ündewlerini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda “Watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukadessligi, arassa ahlaklylyk, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz-nesihat çäresi boldy.


Çykyşlarda Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde türkmen jemgyýetinde maşgala terbiýesine, nesilleriň bilimli, edepli, salyhatly ynsanlar bolup ýetişmegine uly ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzyň ahlak arassalygyna, halallyga ýugrulan ýörelgelerine eýerip, asylly ýörelgelerimiziň dowam bolmagy üçin tagalla etmek her birimiziň borjumyzdyr.
“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen beýik taglymaty baýdak edinip, türkmeniň döwletlilik ýörelgesini dabaralandyrýan, ýurdymyzy we halkymyzy ösüşiň rowana ak ýollary bilen täze belentliklere alyp barýan, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiziň ylymly-bilimli, milli gymmatlyklarymyza wepaly bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işlerinde üstünlik gazanmaklaryny, kämil ýaş nesli kemala getirmekde, ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmekde durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.