Arkadag şäherinde guralan gezelenç
Beýik ösüşlere beslenýän gözel paýtagtymyz Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
2024-nji 13-nji fewralynda mekdebimiziň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen topar Arkadag şäherine ýörite gezelenç guradylar. Gezelenç örän gyzykly we täsirli boldy.
Olar Arkadag şäherindäki taryhy-medeni seýilgäh iň bir gelim-gidimli ýerleriň biri bolan, gadymy Seýit Jemaleddin metjidiniň uly göwrümli maketini şeýle hem gurlan häzirki zaman binalaryny, tämiz köçelerini synladylar
Talyplar Arkadag şäherinde guralan gezelenjiň özlerinde ýakymly ýatlamalary galdyrandyklaryny we birnäçe zatlary öwrenendiklerini belläp geçdiler.
Şeýle gadymy geçmiş mirasymyzy, ajaýyplyklary öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.