“Kompýuter ulgamlary we toplumlary” hünäriniň 1-nji ýyl talyplary we mugallymlar gezelenje gitdiler.


16.02.2024ý. senede “Kompýuter ulgamlary we toplumlary” hünäriniň  1-nji ýyl talyplary we mugallymlar “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna we “Watan mukaddesligi” muzeýine gezelenje gitdiler. 
Ol ýerde talyplar ýadygärlikler toplumyna aýlanyp gördüler.
“Watan mukaddesligi” muzeýinde Gökdepe galasynyň taryhy baradaky şekilli görnüşe tomaşa etdiler we Gökdepe söweşiniň taryhy barada muzeý işgäriniň gürrüňini diňlediler. Soňra 1941-1945-nji ýyllarda urşa gatnaşan türkmen ýigitleriniň ulanan ýaraglary, egin eşikleri, Hatyra we Şöhrat kitaplary, uruş ýyllary barada çekilen suratlar bilen tanyşdylar. 
Şeýle hem 1948-nji ýylda ýer titreme baradaky maketlere we wideo görnüşlere tomaşa etdiler. Soňra gözel paýtagtymyzyň şu wagtky görnüşiniň suratlaryny synladylar.
Talyplar gezelenjiň özlerinde ýakymly ýatlamalary galdyranlygyny we birnäçe zatlary öwrenendiklerini belläp geçdiler we topar ýolbaşçylaryna gezelenji gurnandygy üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27