GULAKLYK SES ÇYKARYJYSY HAÇAN WE KIM TARAPYNDAN IŞLENIP DÜZÜLDI?


Häzirki wagtda hemmämiz üçin şeýle amatly bolan gulaklyk ses çykaryjylar haçan we kim tarapyndan döredilendigini bilýärsiňizmi?

Olaryň ilkinji görnüşi, mundan II asyr ozal, ýagny XIX asyrda oýlanyp tapyldy. F.Şoý 1882-nji ýylda gulaklyk ses çykaryjysyny ulanmak pikiri bilen kellesine oturdylan telefon enjamyny oýlap tapsa-da, aslynda ol gulaklyk ses çykaryjysyny öndürmedi. Şeýle-de bolsa, 1891-nji ýylda fransuz inženeri Ernest Merkade ilkinji gulaklyk ses çykaryjysyny oýlap tapýar. Şonuň üçin F.Şoý däl-de, E.Merkade häzirki wagtda gulaklyk ses çykaryjysyny oýlap tapyjy hasaplanýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27