«General motors» kompaniýasynyň täze awtomobiliniň satuwyny togtatmagynyň sebäbi belli boldy


Dünýäniň iň iri awtomobil öndürijileriniň biri bolan «General Motors» kompaniýasynyň sezewar bolan kynçylyklary aýdyň boldy. «GM» awtoulaglarynyň hataryna meşhur «Chevrolet» brendiniň hem girýändigini ýatladýarys.

«GM» 2023-nji ýylyň başynda «Apple» kompaniýasynyň «Apple CarPlay» maglumat ulgamyny ulanmakdan ýüz döndermegi meýilleşdirýändigini mälim edipdi. Bu gürrüň «Android Auto» mümkinçiligi hakynda däl.

«GM» kompaniýasynyň multimediýa tehnologiýasy ilkinji gezek birnäçe hepde öň çykan täze «Chevy Blazer EV» elektrik ulagynda hödürlendi. Emma ilkinji synaglar ulgamyň sazlaşykly işlemeýändigini görkezdi. Şowsuzlyklar meseleleriň birnäçesini döredýär, ulgam yzygiderli täzeden açylýar. Bu bolsa elektrik ulagynyň işleýşine we dolandyrylyşyna täsir edýär. Başgaça aýdylanda, «Blazeriň» dolandyryş mümkinçiligi gowşak.

Şunuň bilen baglylykda, synag wagtynda tapylan 23 programma üpjünçiliginiň ýalňyşlyklarynyň sebäpleri anyklanýança we aradan aýrylýança öndüriji bu modeli satmagy bes etdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27