Türkmenistanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük bazasyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar


Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük bazasy dörediler. Portuň Metbugat gullugy munuň üçin käbir işleriň durmuşa geçirilýändigini habar berdi.

Port Russiýadan däne önümlerini daşamak üçin täze mümkinçilikler döreden nyrh ulgamyny täzeledi.

Häzirki wagtda Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan ýükleri Türkmenbaşy portundan Russiýa, Ýewropa ýurtlara ugratmak üçin gyzyklanmalary kanagatlandyrmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, harytlary gümrük düzgüninde, ýagny 3 ýyla çenli hiç hili gümrük paçlary tölemezden erkin zolakda ýerleşdirmek üçin mümkinçilikler döredilendir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27