HINDI KOSMOS AGENTLIGI AÝYŇ TÖWEREGINDE IŞLEÝÄN MODULYNY ÝERE ÝAKYN ORBITA GETIRDI


Hindistanyň kosmos gözleg guramasy (ISRO) «Çandraýan-3» missiýasynyň tizlendiriji modulyny Aýyň töwereginden Ýere ýakyn orbita üstünlikli gaýtaryp getirdi. Bu baradaky habary ISRO-nyň metbugat ýazgysyna esaslanýan «ТАСС» dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi.   

«Nobatdaky ajaýyp synagyň netijesinde «Çandraýan-3» missiýasynyň tizlendiriji moduly Ýere ýakyn orbita süýşürildi» — diýlip, habarda beýan edilýär.

Tizlendiriji modul spektropolýarimetriýa (ýagtylygyň polýarizasiýa derejesini we şeýle tekizliginiň aýlanma burçuny ölçemek esasynda kosmiki jisimleriň düzümini öwrenmek) üçin SHAPE enjamy bilen üpjün edildi we üç aýlap Aý orbitasynda işlemeli boldy.

Modulyň Aýyň daşyndaky orbitada bir aýlap alyp baran işinden soň, ISRO-nyň hünärmenleri galan ýangyjyň onuň Ýer orbitasyna aralaşmagy üçin ýeterlikdigi hakyndaky netijäni kabul etdiler. Munuň özi Hindistanyň geljekki Aý missiýalary, şol sanda Aý topragynyň nusgalaryny Ýere getirmek üçin meýilleşdirilen ädimler bilen bagly goşmaça maglumat ýygnamak maksady bilen amala aşyryldy.

Tizlendiriji moduly herekete getirmek operasiýasy 9-njy oktýabrda başlandy, bir aý töweregi wagtdan soň onuň Ýere tarap traýektoriýasy goýuldy. Noýabr aýynyň ortalaryndan bolsa ol orbitanyň çägi boýunça Ýeriň daşyndan aýlandy. ISRO-nyň habaryna görä, 22-nji noýabrda onuň Ýerden uzaklygy 154 müň kilometr bolupdyr. Planetanyň daşyndan aýlanma dowam edýärkä bolsa orbital ölçegleri üýtgäpdir we iň pes belentlik 115 müň kilometde çenli pese düşüpdir. Agentlik şeýle orbitanyň modulyň Ýere ýakyn beýleki asman jisimleri bilen çaknyşmazlygyny üpjün edýändigini we SHAPE enjamyny ulanmak bilen, ölçegleri dowam etdirip biljekdigini belleýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27