BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Anwar Gargaş adyndaky Diplomatiýa akademiýasynda türkmen talyplary bilen duşuşdy


BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni we bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäginde BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli Abu-Dabidäki Anwar Gargaş adyndaky Diplomatiýa akademiýasyna baryp, şol ýerde Türkmenistandan gelen iki mugallym we 8 türkmen talyby bilen duşuşdy.
Duşuşyk BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda ilçi Al Hameli BAE bilen Türkmenistanyň arasynda medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Ilçi bu duşuşygyň iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädimdigini nygtady.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27