“Açyk gapylar güni” geçirildi
2026-njy ýylyň maý aýynyň 15-ne Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta
hünär okuw mekdebinde “Açyk gapylar güni” geçirildi. Mekdebe gelen 12-nji synp
mekdep okuwçylary orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdylar. Olara okuwa girmek
üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan
okuw-terbiýeçilik hem-medeni köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş
şertleri barada giňişleýin maglumat berildi. Talyplaryň aýdym-sazly çykyşlary
görkezildi.