“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gezelenç

2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabat şäherindäki demir
ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň
gatnaşmagynda  1941-1945-nji
ýyllaryň  Beýik Watançylyk urşunda gazanylan
ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler
toplumyna gezelenç guraldy. Mugallymlar bilen talyplar ýadygärlikler toplumyna gül
desselerini goýdular. Soňra ol ýerdäki muzeýe gezelenç etdiler hem-de  Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen gahrymanlarynyň
edermenlikleri barada “Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna interwýulary ýazgy
etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27