Ökdeler öňe saýlandy
Hormatly Prezidentimiziň
öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty bilen Diýarymyzda sagdyn durmuş
ýörelgesini giňden ýola goýmak, bedenterbiýe we sporty ösdürmek arkaly
halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri
terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak
babatynda uly işler alnyp barylýar.
Munuň aýdyň subutnamasy
hökmünde ýaňy-ýakynda her ýyl geçirilmegi däp bolan “Türkmenistan –
ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygar astynda sportuň dürli
görnüşleri boýunça hünär-tehniki we orta hünär bilim edaralarynyň arasynda
sport bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynda
ylym-bilim alýan talyp ýaşlaryň, has dogrusy, Aşgabat şäherindäki demir ýol
ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary gatnaşyp, 2-nji orna mynasyp
boldular. Bu bolsa okuw mekdebimizde diňe bir bilim almak üçin däl, eýsem,
bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikleriň
döredilendiginden aýdyň nyşandyr.
Sylapberdi
Gurbanow
Aşgabat
şäherindäki demir ýol ulaglary
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.