Bitaraplyk binasyndaky muzeýlere gezelenç
Gahryman Arkadagymyz Sizi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş türkmen
halkyny özüniň täze umytlary, maksatnamalaýyn tutumlary we belent sepgitleri
bilen bosagamyzdan ätleýän — 2026-njy ýyl bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa maglumat merkeziniň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şanly
wakalara, üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek,
bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak we innowasion
tehnologiýalary okuw amalyýetine ornaşdyrmak
ugrunda döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Şu baýramçylyk günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman
Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen
mähirli gutlaýarys! Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň saýasynda
bilim ulgamynyň işgärlerine döredilýän giň mümkinçilikler, ýaşlarymyzyň
dünýäniň iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryna erk etmegi üçin durmuşa
geçirilýän özgertmeler biziň geljegimize bolan ynamymyzy has-da berkidýär.
Biz Innowasiýa maglumat merkeziniň işgärleri bolup döwrebap bilim
usullaryny kämilleşdirmek ugrunda uly maksatlara tarap ýöreýäris. Täze 2026-njy ýylda amala aşyrjak ylmy-pedagogik
gözlegleriňiziň netijeli bolmagyny, sanly
bilim platformalarynyň has-da baýlaşmagyny we ýaş nesilleriň ylymda gazanjak
ýeňişleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.
Goý, Täze ýyl her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, maşgala agzybirligini
we egsilmez şatlyk-şowhun getirsin!
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Siziň janyňyz sag, ömriňiz uzak, belent başlaryňyz aman bolsun! Sizi
ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Watanymyzda uly dabaralar bilen garşy alynýan 2026-njy ýylyň eziz Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi
mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň
işgärleriniň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyz
sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat
ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de
rowaç bolsun