“Wagon hojalygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyplaryň arasynda geçirilen okuw we tejribe sapagy

Aşgabat şäherindäki demir 
ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň 
“Wagon hojalygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyplaryň arasynda  geçirilen  okuw  we
 tejribe sapagy 
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhammdowyň ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzyň ýagty
geljegi üçin ýokary we orta hünär bilimli, giň dünýä garaýyşly, hünärine ussat,
häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan baş alyp çykýan ukyply, zehinli ýaşlary
kemala getirmek barada uly aladalar edilýändiginden ugur alyp, şol sanda orta
hünär okuw mekdeplerinde hünär bilim derejeli, giň gözýetime eýe bolan we ata
Watany çäksiz söýýän maksada okgunly ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilen
toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýändigi, biziň her birimiz sagdyn ruhubelent
nesilleriň  kemala gelmegi  ugrunda  dyngysyz  zähmet  çekmäge  borçludyrys.
Şeýle-de mekdebimiziň, “Wagon hojalygy” hünäriniň 1-nji ýyl
talyplarynyň içinde köpçülik çärelerine gatnaşygy we okuw sapaklaryna ýetişigi
oňat  N.Abdyýewany, G. Meretgylyjowany,
N. Mammedowany we M. Gylyjowy  görkezmek
bolar.
Mundan başgada, Aşgabat şäherinde ýerleşýän
“Türkmendemirýollary” agentliginiň garamagyndaky Ýük we Ýolagçy wagonlara
hyzmat edýän 3-nji şahamçasyna önümçilik sapagyny geçmek geçildi. Ol ýerde
wagonlaryň awtobirikme sehinde, wagon buksalarynyň abatlaýyş sehinde, tigir
jübütlerini abatlaýyş sehinde deponyň wagon abatlaýyş işgärleriniň
gatnaşmagynda önümçilik sapagyny guramaçylykly boldy.
Şeýle hem, şol pursadyň dowamynda teležka çalşyjy bölümiň
işgärleriniň täze demir ýolçy ýaşlar bilen tanyşyp, sorag-jogap alyşmaklary hem
bölümiň işgärlerini hem-de talyplary hünär taýýarlyklarynyň has-da
kämilleşdirmeklerine hem-de öz saýlan hünärine söýgi bilen ýapyşmaklaryna uly
itergi berdi. Deponyň agzybir işgärleriniň ýerine ýetirýän işleri bilen bir
hatarda tehniki howpsuzlyk çäreleriniň talaplarynyň ýerine ýetirilişi has-da
talyplaryň ünsüni çekdi.
Myratgeldi Meretgeldiýew
Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw
mekdebiň mugallymy













Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27