Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary

Berkarar Watanmyzda her ýyly döwrüň belent ruhuna laýyk
gelýän şygry bilen dabaralandyrmak däbine eýerip “2025-nji ýyl- Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak 
ýyly” diýilip
yglan edildi. Bu bolsa Diýarmyzda döwletli ýörelgeleriň dowamata
beslenýändiginiň nyşanydyr.

Türkmen
milletiniň milli däpleriniň köplügini biz bilýäris. Bu däplere ýene bir däp
bolşy ýaly, her ýylyň ady mynasybetli ýaş nesillerimize terbiýe we bilim
bermegiň meýilnamalary tassyklanylýar. Bu hem indi türkmen milletimize däpleriniň
biri bolup galdy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe
hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini
 
durmuşa geçirmek, ýaş nesliň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ylma
we döredijilige höweslerini artdyrmak üçin köp işler geçirilýär.

Ýurdumyzda
ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde ene-atanyň,
mugallymlaryň we kärhanalarda işleýän ýaşuly ussatlaryň kömekleri uly bolup
durýar. Watanymyzyň ýagty we röwşen geljegi ylymly-bilimli ýaşlara baglydyr. Şu
döwürde ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, bilim almaga, özlerini gyzyklandyrýan
oýlap tapmak işlerini döretmek üçin,
 ýaşlar öz taslamalaryny amala aşyrmakda uly
mümkinçilikleriň
  aýdyň ýollary  açyklygy bizi begendirýär.
  Durmuşda “Çaga
süýji, edebi ondan hem süýji” diýip aýdylşy ýaly, çaga bilim we terbiýe bermek
her bir ene-atanyň borjy bolup durýar. Bu borçlary ýerine ýetirmek üçin biziň
Watanymyzda köp işler geçirilýär. Çaganyň ilkinji terbiýesi ene-ata bagly bolup
durýar. Çaga mekdebe gatnap okap başlanda onuň terbiýesine we bilim bermeklik
işlerine mugallymlar hem goşulyp okuwçynyň döwrebap bilim almagy we döwrebap
ösmegine goşant goşýarlar. Okuwçylar mekdebi üstünlikli tamamlap, olaryň köpüsi
öz bilimlerini orta hünär okuw mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda öz saýlan
hünärlerinden bilim almagy dowam etdirmek
 we  talyp
ýaşlaryň hataryna girýärler. Käbir okuwçylar bolsa mekdebi tamamlap durmuş
ýoluna-bagt ýoluna düşüp bagt toýlaryny tutýarlar. Şeýlelik-de Watanymyzyň ýene
bir ýaş maşgalasy emele gelýär. Talyp ýaşlar öz saýlan kärlerinden ýaş
hünärmenler bolup ýetişýär. Ýaş talyplar okuwlaryny tamamlap öz saýlan kärleri
boýunça işe-tejribelilige ýerleşýärler, özleriniň alan bilimlerini
artdyrýarlar. Iş döwründe halypa, ussat hünärmenlerine kömekçi berkidilip işiň
inçe syrlaryny öwrenýärler,ussat hünärmenler
 ýaşlara öz hünärleriniň ugurlaryndan ökde
tejribeli, ussat hünärmen bolup Watana, Halka wepaly adamlar bolup
ýetişdirýärler.

Ýaşuly ussat,
ökde hünärmen, durmuşyň köp wakalaryny başyndan geçiren adamlar öz kömekçi
ýaşlaryna maşgalada, durmuşda özüňi alyp barmagyň ýollaryny öwredýärler. Maşgala
agzybirliginde ýüze çykýan meseleleri çözmäge maslahat berýärler.Çaganyň
terbiýesi onuň daş töweregindäki adamlarda bagly bolup gowa meňzemegi, gowyny
görmegi, owadan ýaşamagy, adama öz maşgalasynda agzybirlikde-asudalykda
ýaşamaga ugrukdyrýarlar.

Biz şu durmuşda ýaşamak bilen kiçi ýa-da
uly bolsagam öz-özümizi terbiýeläp gelýän eken. Kiçi bolsak ýaşuly enelerden
atalardan maslahat sorap dogry ýoldan ýöräp öwrenýäris, uly bolsak hem ýaş
nesillerimize türkmeniň däp dessurlaryny saklamaklyga öwüt nesihat bermek bilen
 ýaşlaryň 
her bir toý, sadakalarynda baştutan bolup ýaşlara şol däp-dessurlardan
ýöretmeklerini, dowam etdirmeklerini olara uly kömek berýänligimize guwanýaryn.
   
Bize şu mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Gahryman
Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

 
 

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw
mekdebiň mugallymy,
Ogulnur Muhammedowa.





















Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27