Döwlet muzeýleriniň we kitaphanalarynyň gurnamagynda muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisi
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz halkara gatnaşyklarynda
parahatsöýüjilikli, ynsanperwer gatnaşyklary goldaýan we ýola goýýan döwlet
hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň
howandarlygynda Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek baradaky
teklibiň öňe sürülmegi bolsa munuň şeýledigini bütin dünýäniň halklaryna äşgär
etdi.
Türkmen Bitaraplygy özüniň gözbaşyny ata-babalarymyzdan
miras galan durmuş ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan alyp
gaýdýar. Türkmen halkynyň ulyny sylamak, kiçini söýmek, il-günüň bilen
agzybirlikde ýaşap, kösenene kömek bermek, goňşy döwletler bilen dostlukly
gatnaşyklary ýola goýup, parahat ýaşaýşy üpjün etmek ýaly gadymdan gelýän milli
ýol-ýörelgesi bar. Ine, şu ýol-ýörelgeler, milli häsiýetler, milli däp-dessurlar
hem şu günki türkmen Bitaraplygynyň özenini düzýän özboluşlylyklardyr.