“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” - akyl-paýhas bäsleşigiň nobatdaky oýny suw diplomatiýasyna bagyşlanar


Suw serişdeleri we olardan netijeli peýdalanmak Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini üpjün etmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan iri forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, sammitlerinde birnäçe ahlumumy bähbitli başlangyçlary öňe sürýär.

Şu nukdaýnazardan şeýle möhüm meselelere ýaşlaryň ünsüni çekmek hem örän wajyp bolup durýar. Şeýle maksatlardan ugur alnyp, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly şygar bilen geçirilýän IV möwsüminiň 7-nji saýlama oýnunyň “Türkmenistanyň suw diplomatiýasy: suw damjasy – altyn dänesi, goňşyň goňşa hormatynyň manysy” temasy boýunça geçirilýandigi habar berilýär.

IV möwsüminiň 7-nji saýlama oýny 2025-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27