Türkmen wekiliýetiniň Kowentri uniwersitetine amala aşyran sapary
Türkmen wekiliýetiniň Birleşen Patyşalyga eden saparynyň çäklerinde, Türkmen-Britan Bilelikdäki Söwda-Senagat Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen, wekiliýet Kowentri uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň esasy ugurlary akademiki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak we öňdebaryjy bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly boldy.
Wekiliýet Kowentri uniwersitetiniň Londondaky şahamçasyna baryp görmeginiň çäklerinde halkara standartlaryna laýyk gelýän bilim maksatnamalary bilen tanyşdy. Täze çemeleşmelere esaslanýan okuw usulyýetine, sanly tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagyna, şeýle hem uniwersitetiň senagat we işewürlik ulgamlary bilen saklaýan ýakyn hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.
Şu jähetden 2024-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Patyşalygyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş işleri boýunça döwlet sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda bilim babatda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendigini bellemek gerek. Saparyň dowamynda ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda maksatlaýyn bilim maksatnamalaryny döretmek we iňlis dilini okatmagyň gerimini giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Britaniýanyň uniwersitetleriniň, işewür toparlarynyň we Britan Geňeşiniň wekilleri bilen wideo duşuşyklaryň we iş maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi. Bu gepleşikler hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga we bu ugurda özara gatnaşyklary dowam etdirmäge ýol açdy.
Kowentri uniwersitetinde geçirilen duşuşyk Türkmenistany we Birleşen Patyşalygy baglanyşdyrýan bilim hyzmatdaşlygy çygryndaky netijeli çäreleriň biri boldy. Britan uniwersitetiniň wekilleri sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrylmak we senagat pudagy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe başlangyjy öňe sürdüler.
Kowentri uniwersiteti dünýäniň abraýly Times Higher Education we QS Education Ranking sanawlaryna girýän ýokary okuw mekdebidir. Bu bolsa onuň ýokary akademiki derejesini tassyklaýar. Uniwersitet uly halkara tejribesine eýe bolan ýbokary okuw mekdebi hökmünde tanalýar. Onuň Müsürde, Marokkoda, Polşada, Gazagystanda, Alžirde we Günorta-Gündogar Aziýada şahamçalary hereket edýär.
Londonda ýerleşýän Koventri uniwersitetiniň Dolandyryş mekdebiniň ýolbaşçysy, doktor Joanna Woulgaropoulou bilen geçirilen duşuşykda esasan ýokary bilimden soňky bilimiň okuw maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara pikir alşyldy. Uniwersitetiň marketing, ykdysadyýet, maliýe, menejment we global işewürlik ugurlary boýunça çeýe magistr we bakalawr maksatnamalaryny hödürleýändigini bellemek gerek. Şeýle hem duşuşykda birnäçe anyk meselelere garaldy:
• Türkmen talyplarynyň uniwersitetiň halkara uçurymlar toruna we okuw platformasyna girmäge mümkinçiligini öwrenmek.
• Daşary ýurtly talyplara goldaw bermegiň meseleleri, şol sanda iňlis dili boýunça okuwlary guramak we Londonyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň esasynda iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek.
• Halkara marketing, sanly marketing we maglumat seljermesi, global ykdysadyýet, bank işi we maliýe ýaly ugurlar boýunça magistr maksatnamalary.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar gepleşikleri dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini içgin öwrenmek maksady bilen bilermenleriňmaslahatlaşmalaryny guramak barada gyzyklanmalarynyňbardygyny beýan etdiler. Türkmen wekiliýeti ýokary bilim ulgamynda halkara tejribesiniň öwrenilmeginiň möhümdigini nygtap, geljekki gepleşiklere we pikir alyşmalara taýýardygyny mälim etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ýokary depginlerde ösdürilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim giňişligine utgaşykly goşulmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.