Halkara zenanlar güni mynasybetli “Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda mart aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda “Talyp gözeli – 2025” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp gyzlaryň iş başarnygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Nebit senagat fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ýegenmämmedowa Azatgül Merdanowna çykyş edip, tapawutlanan diploma we “Çeper elli gözel” diýen Hormat hata mynasyp boldy.