XII SYNP ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işi giň gerime eýe bolýar. Bu ugurda çekilýän asylly zähmetiň netijesinde köp işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt – ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri». Geometriýa degişli kitaplarda hem dürli jisimler we olar bilen baglanyşykly anyk ölçeg birlikleri baradaky maglumatlar ünsi özüne çekýär.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XII synpy üçin «Geometriýa» okuw kitaby (awtorlary: G.Şadurdyýew, Ý.Abaýew, B.Beknazarow, A.Sapargeldiýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Okuw kitabynyň mazmuny barada aýdylanda, ol jemi üç bapdan ybarat bolup, I baby köpgranlyklara, II baby aýlanma jisimlere, III baby bolsa köpgranlyklaryň we aýlanma jisimleriň göwrümine bagyşlanypdyr.

«Köpgranlyklar» atly bap köpgranlyklar, güberçek köpgranlyklar, dogry köpgranlyklar hakynda düşünje, Eýleriň teoremasy, prizma, göni we dogry prizma, parallelepiped we onuň görnüşleri, piramida, dogry piramida, kesilen piramida, giňişlikde simmetriýa, prizmanyň gapdal we doly üstleriniň meýdanlary ýaly temalary öz içine alýar. 

«Aýlanma jisimler» atly bapda hem aýlanma jisimler barada düşünje, silindr, konus, kesilen konus, sfera we şar, sfera geçirilen galtaşýan tekizlik, sferanyň gapdal we doly üstüniň meýdany, konusyň gapdal we doly üstüniň meýdany, kesilen konusyň gapdal we doly üstüniň meýdany, sferanyň meýdany boýunça temalar ýerleşdirilipdir. 

«Köpgranlyklaryň we aýlanma jisimleriň göwrümi» atly bapda göwrüm barada düşünje, gönüburçly parallelepipediň göwrümi, göni prizmanyň göwrümi, ýapgyt prizmanyň göwrümi, piramidanyň göwrümi, kesilen piramidanyň göwrümi, silindriň we konusyň göwrümi, jisimleriň göwrümini kesgitli integralyň kömegi bilen kesgitlemek ýaly temalar bar. 

Bulardan başga-da, geometrik jisimler, tekiz figuralar barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Her tema boýunça gysgadan anyk bolan degişli düşündirişler berilýär we gönükmeler esasynda ýumuşlar getirilýär. Ýumuşlaryň dogry jogaby kitabyň soňunda ýerleşdirilen.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27