UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XII SYNPY ÜÇIN OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän hem-de umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, ene dilimizi, edebiýatymyzy düýpli öwrenmek, milli medeni mirasymyzy gorap saklamak, onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek, olary ýurdumyzda, şeýle-de halkara derejesinde giňden wagyz etmek işleri ileri tutulýan möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Mähriban ýurdumyzda ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär we bu hemişe gözegçilikde saklanylýar.
Ýaňy-ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Türkmen dili» okuw kitaby (awtorlary: M.Isaýewa, S.Saparowa, I.Durdyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyp, onda türkmen diliniň stilleri, stilistikanyň görnüşleri, edebi dilimiziň stilleriniň görnüşleri, türkmen diliniň funksional stilleri, türkmen diliniň edebi normalary we sözleýiş medeniýeti öz beýanyny tapýar.
Sözleýiş medeniýetine aýratyn orun berlipdir. Çünki türkmen dili dersi diňe bir grammatika nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem hemmetaraplaýyn öwrenilýär. Şonuň üçin edebi sözleýşiň gepleşik we ýazuw görnüşleri, türkmen diliniň ýazuw kadalary, edebi normalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi, sözleýiş medeniýetiniň esasy talaby, orfoepik normalar, çekimli we çekimsiz sesleriň orfoepiýasy, olary dürs aýtmagyň medeniýeti, çekimli sesleriň bölünişleri, edebi sözleýşiň gepleşik we ýazuw görnüşlerinde fonetik serişdeleriň ulanylyş medeniýeti, türkmen diliniň orfoepik sözlügi, onda orfoepik normalaryň görkezilişi, orfografik normalar, düýp sözlerde we goşulmalarda çekimli we çekimsiz sesleriň ýazuw düzgüni, olary berjaý etmegiň medeniýeti, türkmen diliniň orfografik sözlügi, leksik normalar, olaryň ulanylyşy, sinonimleriň döreýiş çeşmesi, türkmen diliniň düşündirişli sözlügi, durnukly söz düzümleriniň ulanylyş medeniýeti, türkmen diliniň frazeologik sözlügi, grammatik normalar, isimlerde we atlarda grammatik kategoriýalaryň aňladylyşy, atlarda köplügiň aňladylyşy we düşüm kategoriýasy, sypatlaryň, sanlaryň we çalyşmalaryň grammatik kategoriýalary, sanlaryň ýazuw düzgüni, işliklerde grammatik kategoriýalaryň, ýoklugyň we inkärligiň aňladylyşy, sintaktik serişdeleriň dürli stillerde ulanylyş aýratynlyklary, sözlem agzalarynyň ornuny çalyşmagy, tekst, tekstde mazmun we grammatik baglanyşyklar, tekstiň bölekleri we görnüşleri, onuň abzaslara bölünişi, tekstiň derňewi, stilistik ýalňyşlyklar, tekstiň stilistik derňewi barada baý maglumatlar berilýär.
Kitapda beýan edilýän maglumatlaryň esasynda häzirki bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri, milli mazmunly tekstleri, okuwçylaryň ýaş we indiwidual aýratynlyklary göz öňüne tutulan ýumuşlary, oňyn dünýä tejribelerini özünde jemleýän usullardan peýdalanylandygyny görmek bolýar. Bu bolsa orta mekdeplerde bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Türkmen dili okuw kitabynda berilýän gönükmeler, ýumuşlar, dürli usullar döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Okuw kitabyndaky ýumuşlar geçilen temalary berkitmekde, bilim we terbiýe bermekde uly ähmiýete eýe. Şeýle hem bu okuw kitabynda okuwçylaryň pikirlendiriş endiklerini we gyzyklanmalaryny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Okuwçylaryň sözleýiş we ýazuw endiklerini ösdürmeklige degişli ýumuşlar ýeterlik derejede bar.
Okatmagyň sanly bilim ulgamy bilen baglanyşykly dürli işjeň usullar bu kitapda ýerlikli görkezilen. Okuw kitaby okuwçylaryň orfoepik, orfografik, leksik, grammatik normalaryny öwrenmekleri üçin berilýän kesgitlemeler, ýumuşlar olaryň pikirlenip, aň ýetirip öwrenmeklerine ýardam eder. Çünki onda Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplaryndan getirilýän bölekler, türkmen halk nakyllary, atalar sözleri bilen baglanyşykly gönükmeleriň berilmegi, ýaşlarda bilim bilen birlikde milli terbiýäni bermekde hem uly orny eýeleýär.