HALYPAÇYLYK IŞINE BAGYŞLANAN OKUW-USYLY MASLAHAT
Ýakynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň gurnamaklarynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 7-nji çagalar bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagy işjeňleşdirmegiň ýollary» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlary bilen birlikde, welaýatyň Sarahs, Tejen we Babadaýhan etraplarynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileri, etrap bilim bölümleriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine jogapkär hünärmenler gatnaşdylar. Okuw-usuly maslahatyň esasy maksady Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 5-nji fewralyndaky 29 belgili buýrugy tassyklanan «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijsiniň» esasynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypaçylyk işini guramagy kämilleşdirmegiň we bu möhüm ugurdaky işleri döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda has-da işjeňleşdirmegiň ýollaryny we usullaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden we ýaýratmakdan ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, milli bilim ulgamynda hem halypaçylyk işini guramagy kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) «Pedagogik işgärleriň hukuklary we borçlary» atly 55-nji maddasynda öz hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny hemişe kämilleşdirmäge borçlydygy baradaky hukuk düzgüni kesgitlenen.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça» ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda halypaçylyk işiniň guralyşyny kämilleşdirmek babatynda anyk işler öz beýanyny tapdy. Mysal üçin, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň» maksatlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmak kesgitlendi. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça» ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» bolsa, umumybilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileriniň «Öz-özüňi kämilleşdirmek» depderini döretmek we bilim edaralarynyň iş tejribesine girizmek (29-njy çäre) hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň tertibini işläp düzmek hem-de bellenilen tertipde tassyklap, bilim ulgamyna ornaşdyrmak (30-njy çäre) meýilleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 5-nji fewralyndaky 29 belgili buýrugy esasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş hünärmen pedagogik işgärleriň hünär başarjaňlygyny kemala getirmek, olaryň okatmagyň innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanmak başanyklaryny kämilleşdirmek hem-de bilim edaralarynda halypaçylyk işini talabalaýyk guramak maksady bilen, «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijsi» tassyklandy. Onda halypaçylyk işini guramagyň maksady we wezipeleri, halypaçylyk işini guramak, halypanyň borçlary we hukuklary, şägirdiň borçlary we hukuklary, halypaçylyk işine ýolbaşçylyk we gözegçilik etmek bilen baglanyşykly hukuk düzgünleri kadalaşdyrylýar.
Okuw-usuly maslahata gatnaşan pedagogik işgärlere «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijsiniň» many-mazmuny, ähmiýeti, ondan peýdalanmagyň usulyýeti, mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň aýratynlyklary barada usuly maslahatlar berildi.
Halypa, halypaçylyk işi barada söhbet edilnde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda halypa berýän çuňňur mazmunly häsiýetnamasyny agzaman geçmezlik mümkin däl. Alym Arkadagymyz halypany häsiýetlendirip şeýle ýazýar: «Halypa – ezberlikde, zehinde, zähmetsöýerlikde, tapbilerlikde, sabyrlylykda yhlaslylygyň netijesi. Halypa ussatlygyňy, öz bilýäniňi özgelere öwretmek başarnygydyr. Bu bolsa, pähimdarlykdyr, adamkärçilikdir. Çünki ile görelde bolup, kesbiňi ýaýmak üçin göwün tapmagam başarmalydyr. Munuň esasynda ýene adalatlylyk bardyr. Sebäbi ukybyň näderejededigi herkesiň öz-özüne adalatly garaýşyndan döreýär». Okuw-usuly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlaryň ünsi Milli Liderimiziň şu çuňňur many-mazmunly pähimlerine örän-öwran çekildi. Her bir pedagogik işgärde halypanyň şunuň ýaly sypatlarynyň bolmagynyň zerurdygy barada aýratyn nygtalyp bellendi.
Okuw-usuly maslahatda öňdebaryjy, baý mugallymçylyk iş tejribeli pedagogik işgärler çykyş etdiler. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Oguljeren Berdiliýewa mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmegiň usullary, Tejen etrabynyň 33-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Jennet Nazarlyýewa halkymyzyň halypa-şägirtlik ýolunyň gadymy kökleri we gymmatly ýörelgeleri, Sarahs etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Gülälek Sähedowa mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypaçylyk işiniň guralyşy we gözegçiligiň ýola goýulyşy barada gyzykly çykyşlary etdiler.
Gökdepe etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Durdy Ataýewiň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, bilim edaralarynda halypaçylyk gatnaşyklaryny milli ýörelgeleriň esasynda ösdürmegiň ýollaryna bagyşlanan çykyşy okuw-usuly maslahata gatnaşan pedagogik işgärlerde aýratyn uly gyzyklanma döretdi.
Okuw-usuly maslahatyň çäginde Babadaýhan etrabynyň 7-nji çagalar bagynda etrabyň öňdebaryjy we täzelikçi pedagogik işgärleri – mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri nusgalyk görelde sapaklaryny geçip görkezdiler. Babadaýhan etrabynyň 1-nji çagalar bagynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň terbiýeçisi ─ halypa pedagogik işgär Ogulbaýram Allabardiýewanyň «Matematika sapagynda «Geometriki şekiller» atly temany öwredilişi» diýen tema boýunça guran nusgalyk görelde sapagy okuw-usuly maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ol öz guran bu nusgalyk görelde sapagynda okatmagyň däp bolan hem-de innowasion pedagogik usullaryndan örän ýerlikli peýdalanyp, körpelere dürli geometriki şekilleriň gurluş aýratynlyklaryny güýçýeterli edip düşündrimegi başardy.
Ýaş terbiýeçi – Babadaýhan etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň terbiýeçisi Aýjeren Amandurdyýewanyň sowat öwretmek sapagynda «J» sesini öwretmegiň usulyýet aýratynlyklary barada guran nusgalyk görelde sapagy hem gyzykly, ýatda galyjy we örän täsirli boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» beýan edilen çaganyň mekdebe taýýarlamagyň aşaky görkezijilerini kemala getirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maşgala we mekdep bilen alyp barmaly bilelikdäki işiniň möhümdigine okuw-usuly maslahata gatnaşyjylaryň ünsi çekildi:
1) kommunikatiw endik – çaganyň ýakynlary we beýleki çagalar bilen özara düşünişmek arkaly aragatnaşyk saklamak endigi;
2) durmuşa taýýarlyk – çaganyň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde ýaşamak we meşgullanmak endigi;
3) maglumat endigi – maglumatlary yzygiderli ulanyp we beýan edip bilmek endigi;
4) netijeli işläp bilmek – işi meýilnamalaşdyrmak, başlan işini soňuna çenli ýerine ýetirmek, özbaşdak döretmek (surat çekmek, gurnamak, ýelimlemek we beýlekiler) endigi;
5) ahlak taýýarlygy – jemgyýetiň düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda jemgyýetde özüňi alyp barmaga bolan taýýarlyk, ukyp endigi;
6) beden taýýarlygy – sagdyn durmuş ýörelgeleriniň talaplaryna laýyklykda beden taýdan sagdyn ösüp kemala gelmek başarnygy we endigi bolmalydyr.
Bagtyýar körpelerde – geljekki mekdep okuwçylarynda şu we beýleki zerur başarnyklaryň hem-de endikleriň kemala getirilmeginde we yzygiderli ösdürilmeginde mekdebiň mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de olaryň maşgala bilen özara işjeň hyzmatdaşlygynyň alnyp barylmagynyň, bu bilim edaralarynda halypaçylyk işiniň guralyşyny has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyna okuw-usuly maslahata gatnaşan pedagogik işgärleriň ünsi çekildi. Bu möhüm ugurdaky işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça olara usuly maslahatlar berildi.
Okuw-usuly maslahata gatnaşan pedagogik işgärler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bagtyýar körpelerimiziň sazlaşykly ösüşini, ýokary hilli bilim almagy we mynasyp terbiýelenmegi, terbiýeçileriň we mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekleri üçin döreden ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan hoşallygyny aýtdylar. Milli Liderimizi we Hormatly Prezidentimiziň belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.