Lomonosow adyndaky MDU mugallymlar we rus dilini öwrenýän türkmen talyplary üçin onlaýn kurslary geçirýär


Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ähli fakultetlerinden, esasanam rus dili we edebiýaty fakultetinden gelen ýüzden gowrak mugallym we ýokary kurs talyplary M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan hünär derejesini ýokarlandyryş onlaýn kurslaryna gatnaşýarlar.

Kurslar institutynyň birnäçe meýdançasynda geçirilýär. Lektorlaryň hatarynda M.W. Lomonosow adyndaky MDU-nyň Rus dili we medeniýeti institutynyň direktory Waleriý Çastnyh, MDU-nyň filologiýa fakultetiniň täze döwür rus edebiýatynyň taryhy we häzirki edebiýat prosesleri kafedrasynyň müdiri Mihail Golubkow, professor Lew Trahtenberg we beýleki görnükli rus alymlary, dilçiler we ýazyjylar bar.

Mazmunly okuw-bilim maksatnamasy rus edebiýatyny okatmagyň häzirki zaman meselelerine bagyşlanan leksiýalary öz içine alýar. Umuman, maksatnama rus edebiýatyny okatmagyň öňdebaryjy we häzirki zaman usullaryna, «setiraturanyň» (internet edebiýatynyň) esaslaryna we häzirki edebiýat proseslerine degişli bilimleri bermegi maksat edinýär.

Rus alymlary öz çykyşlarynda halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň möhümdigini nygtaýarlar, şeýle hem rus milli edebiýatynda XX asyryň başlarynda türkmen durmuşynyň keşpleriniň we beýanlarynyň bardygyny belleýärler. Bu bolsa beýik rus ýazyjylarynyň türkmen halkyna we onuň medeniýetine bolan çuňňur gyzyklanmasy barada habar berýär. Şeýle awtorlaryň biri A.M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň rektory, ýazyjy Alekseý Warłamow bolup, ol bu nukdaýnazardan Andreý Platonowyň döredijiliginiň ähmiýetini aýratyn belledi.

Andreý Platonow birnäçe gezek, şol sanda hökümetiň çakylygy boýunça hem Türkmenistana barypdyr. 1934-nji ýylda ol ýurduň on ýyllygyna bagyşlanan umumy ýygyndyny taýýarlamak üçin Aşgabada iberilen ýigrimi sowet ýazyjysynyň düzüminde Türkmenistana gelipdir. Günorta respublikasyna eden iki aýlyk syýahatyndan alan täsirleri onuň çöl adamlarynyň durmuşyna bagyşlanan «Takyr» hekaýasynda öz beýanyny tapdy. Soňra belli režissýor Bulat Mansurow bu hekaýanyň esasynda «Gul» atly filmi düşürdi we bu film döredijilerine mynasyp sylaglary getirdi. Türkmen mowzugy Andreý Platonowyň 1935-nji ýylyň başyndan bäri türkmen topragynda üç aýlap işländigi «Jan» powestinde hem öz beýanyny tapdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27