Küşt: milli birinjiligiň ýeňijisi


Soňky ýyllarda türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi küşte höwesek ýaşlaryň, ýetginjekleriň we çagalaryň barha artmagyna getirýär. Şu gezekki milli birinjilige hem reýtingde 1400-den kän utugy bolan zehinli ýaşlaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Şunda ýene bir ýagdaýa ünsi çekmek gerek. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Ýokary we birinji ligasynyň wekilleriniň aglabasy şu ýaş derejesinde çykyş edýär. Şonuň üçin hem bu ýaryş özüniň ähmiýeti boýunça ýurdumyzda uly derejeli ýaryş hökmünde görülýär.

Adatça bolşy ýaly, milli birinjilik küşdüň adaty, rapid we blis görnüşleri boýunça geçirildi. Adaty görnüş boýunça gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa hormat münberiniň birinji basgançakgyna çykdy.

Lala Şöhradowa küşdüň rapid görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda hem öňüne adam geçirmedi.

Milli birinjilikde gazanylan ýeňişler Lala Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçiriljek yklym we dünýä çempionatlaryna gatnaşmak mümkinçiligini berýär. 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 23-nji fewralyndan 8-nji mart aralygynda Çernogoriýada geçiriler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27