«eMekdep» – onlaýn bilim dünýäsi


Çagalar — ýurduň geljegi. Şol sebäpli olar üçin edilýän her bir alada geljegi nazarlaýar. Bu babatda bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleri, onuň ýeten sepgitlerini bellemek buýsançly. Çünki islendik ýurduň ösüşi, ilki bilen, onuň bilim binýadyna esaslanýar. Binýatlyk güýji barha berkeýän ýurdumyzyň bilim ulgamynda soňky wagtlarda oňaýlylygy we elýeterliligi boýunça iň işjeň sanly taslamalaryň biri bolsa «eMEKDEP» onlaýn bilim platformasydyr. Bu ulgam orta mekdepleriň ýolbaşçylary, mugallymlary we mekdep okuwçylary hem-de olaryň ata-eneleri üçin bitewi elektron meýdançadyr. Ýurdumyzda bu ulgam boýunça işler ilki orta mekdepleriň birnäçesinde synagdan geçirilip kämilleşdirildi. Häzirki wagtda bolsa ol doly işjeň ýagdaýda ulanylýar. Şol sebäpden hem «eMEKDEP» ulgamyny hatda «Google Play» ýa-da «Appstore» ýaly goşundylardanam akylly telefonyňyza aňsatlyk bilen göçürip alyp bolýar. Bu onlaýn bilim dünýäsiniň mümkinçilikleri hakyndaky pikirleri bolsa ondan netijeli peýdalanýan ulgamyň işjeň ulanyjylaryndan, ýagny mugallymlardan hem-de ata-enelerden diňläliň!

Leýli MATYÝEWA,

Darganata etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy:

— Bu taslama, aýratyn-da, mekdep mugallymlary üçin işiň hilini ýokarlandyrmakda köp ýeňillikleri döretdi. Çünki onuň esasy maksady sanly ulgama geçmekden ybarat. Bu bolsa eýýäm mugallymlara wagty tygşytlamakda we maglumatlary gözlemekde elýeterliligi has-da ýokarlandyrýar. Ulgam, esasan, 4 sany ulanyjynyň, ýagny mekdep müdiriniň, mugallymlaryň, okuwçylaryň we ata-eneleriň ýakyn arabaglanyşygyny üpjün edýär. Ulgamyň işleýiş gündelik tertibi hem şoňa laýyklykda alnyp barylýar. Elektron dergi we gündelik, okuwçylara berilýän bilimiň hiline gözegçilik baradaky maglumatlar, ilkinji nobatda, mekdep müdiri we mekdep müdiriniň orunbasary tarapyndan girizilýär. Ulgamda her bir okuwçy hakynda aýratyn maglumat ýerleşdirilýär, oňa ata-eneleriň hem birikmäge mümkinçiligi bar. Mugallymlar bolsa gündelik ders rejelerini, okuwçylaryň sanawyny elektron nusgada görüp bilýärler. Edil kagyz görnüşindäki ýaly, elektron dergide okuwçylary bahalandyryp, sapaga gatnaşmadygyny bellik edip hem bolýar. Hatda elektron dergide okuwçynyň çärýek hem-de jemleýji bahalary awtomatik usulda hasaplanylýar. Okuwça goýlan her bir baha hakyndaky maglumat bolsa onuň ata-enesine SMS arkaly ýa-da sanly habar görnüşinde awtomatik ýagdaýda ýetirilýär. Taslamanyň şeýle oňaýly taraplary sanardan kän. Çünki onuň mümkinçilik gerimi hem ýylyň-ýylyna kämilleşip barýar. Umumy nukdaýnazardan seredilse, bu ulgam häzirki zaman bilimiň onlaýn dünýäsidir.

Amangözel ESENOWA,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:

— Dogrusy, bu ulgamy doly işjeň ýagdaýa geçen gününden bäri ulanyp gelýärin. Çünki çagalarymyň bilimi meniň üçin ähli zatdan öňde. Ýöne käte iş-aladalar bilen olaryň käbir isleglerine ýeterlik wagt aýryp, ymykly gyzyklanyp bilmeýäris. Şolar ýaly pursatda bu ulgamyň zerurlygy has-da artýar. Çünki çagalarymyzyň okuwa gatnaşygyna, ýetişigine, synpda öwrenýän temalaryna, öý işlerine, mugallymlaryň belliklerine netijeli gözegçilik etmek, derslere bolan höwesi barada edil şol wagtda habarly bolmak indi juda aňsat. Maglumatlaryň ählisi islendik wagtda — işde, ýolda, öýde onlaýn ýa-da SMS, ýa bolmasa «eMEKDEP» ykjam goşundy arkaly sanly habar görnüşinde elýeterli bolmagy örän ähmiýetli ýagdaý. Ata-eneleriň ählisi hem öz çagalarynyň mekdepdäki bilim-terbiýelerini, göreldelerini şu ulgamyň üsti bilen gözegçilik edýärler. Netijeli taraplarynyň kändigini bolsa, olaryň bilim derejesiniň öňküden has tapawutly ýokarlanandygy bilen delillendirýärler. Şeýle ähmiýetli sanly ulgamlaryň gerimi has-da giň bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27