ÝAŞ TEBIGATY SÖÝÜJILERIŇ OKUWY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny baýlaşdyrmak ata-babalardan gelýän asylly däpleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda tebigaty we onuň ösümlik dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek, olary gorap saklamak şeýle-de, ýurdumyzda bag ösdürip ýetişdirmek, olara ideg etmek, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
“Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we welaýatlaryň häkimliklerine saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahalyny ekilmeginiň zerurdygyny belledi. Şu wajyp meseleleri üstünlikli durmuşa geçirmekde döwrebap bilimli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirilmegini talap edýär. Şeýle hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek, esasan, umumybilim berýän mekdeplerde biologiýa we ösümlikleri öwrenýän hünär ugurly dersleri okadýan mugallymlaryň paýyna düşýär. Bu ugurda mugallymlaryň döredijilikli işlemegine ýardam bermek maksady bilen,Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri tarapyndan usuly gollanmalar taýýarlanylýar, hünär kämilleşdiriş okuwlary guralýar we ýaş tebigaty söýüjiler bilen yzygiderli okuwlargeçirilýär.
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda geçirilen şeýle okuwlaryň biridir. Ýaş tebigaty söýüjileriň okuwynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimleri bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory Maral Akyýewa ösümlikleriň hojalyk ähmiýeti, olaryň açyk we ýapyk topraklarda ösdürilip ýetişdirilişi, köpeldilişi, ösümliklerde geçirilýän agrotehniki çäreleriň öz wagtynda doly we dogry kada laýyk berjaý edilişi barada gürriň berdi. Halypa mugallym, sözüniň ahyrynda: “Ýurdumyzda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge we köpeltmäge ýakyndan kömek bermek mekdep okuwçylarynyň hem mukaddes borjudyr. Her bir okuwçy ösümligiň dosty bolmalydyr, olara ideg etmegi, köpeltmegi we gorap saklamagy başarmalydyr” diýip, ýaşlara nesihat etdi.
Soňra okuwçylara Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Zähmet we hünär okuwy bölüminiň müdiri, Begnazar Geldiýew miweli baglaryň, üzüm nahallarynyň ekilişi we olary damjalaýyn usulda suwarmagyň usullary, şeýle hem, alma agajynyň pyntyk arkaly sapylyşy, ýaz aýlary heniz pyntyklar açylmanka nahaldan ösen alma çybyklarynyň göçürilişi barada gürrüň berdi. Begnazar Geldiýew ösüp gelýän ýaşlarymyza sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, döredijilikli, hünärli bolmaklaryny arzuw etdi.
Ýaş tebigaty söýüjileriň okuwynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň biologiki gözegçilik we tohumlaryň banky bölüminiň müdiri Gülzar Rozyýewa we şol bölümiň uly ylmy işgäri Ýekaterina Kroşina Türkmenistanda ösýän gül ösümlikleriniň gurluşyny, köpelişini, ideg işlerini ýerine ýetirmegiň kada-düzgünlerini ýaşlara gürrüň berdi. Botanika bagda okuwçylar Gündogar Aziýa, Demirgazyk Amerika, Ýewropa, Krym, Kawkaz, Kiçi Aziýa, Orta Aziýa döwletleriniň ösümlikleriniň ençeme görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilişi we Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrmak bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.
Ýaş tebigaty söýüjileriň okuwyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň çöllerinde, daglarynda, medeni zolaklarynda iýmitlik, ot-iýmlik, bezeg bagçylyk, dermanlyk we başga-da hojalyk ähmiýetli ösümlikleriniň biologiýasyny, ekologiýasyny öwrenip, olary gorap saklamak we idetmek boýunça bilimlerini baýlaşdyrdylar.
Dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen ösümlikleri Türkmenistanyň ýerli toprak-howa şertlerine öwrenişdirip olary ýurdumyza ýaýratmakda, ýaşyl zolaklary döretmekde we bezeg-bagçylyk işlerini geçirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň we Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň alymlarynyň beren gürrüňleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy.