Ýaş nesilleriň sözleýiş dilini ösdürmekde möhüm ugurlar
Adamzat jemgyýetiniň taryhynda gazanylan ösüşler, ýetilen sepgitler, deňi-taýy bolmadyk üstünlikler diliň umumy medeniýetiniň, aýratyn-da, sözleýiş medeniýetiniň kämil derejede bolmagy bilen baglydyr. Ýaş nesliň sowatly, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmegi üçin, olaryň milli dili kämil bilmekleri möhümdir. Milli dili gowy bilmek okuwçylaryň sowatlylyk derejesiniň ýokary bolmagynyň möhüm şertidir.
Ýurdumyzda ene dilimiz bolan türkmen dilini ylmy esasda yzygiderli öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli dilimizi kämilleşdirmek, ony taryhy köklerine esaslanýan ylmy we amaly maglumatlar bilen baýlaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm ugrudyr. Dil birliklerini ulanmakda, dürs sözleýşi amal etmekde olara salgylanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa milli dilimiziň sözleýiş kadalarynyň timarlanmagyna, diliň arassa ulanylmagyna, baý sözlük gorunyň toplanmagyna getirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen dilini öwrenmek we ösdürmek, häzirki günüň we ýakyn geljegiň derwaýys wezipeleriniň biridir» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alyp, türkmen edebi dilimizi ýaş nesliň aňyna, ruhuna siňdirmek, onuň gadyr-gymmatyny öwretmek üçin netijeli işler alnyp barylýar. Döwrüň, jemgyýetiň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, onuň talaplaryna laýyk nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamyna, okadylyş usulyýetine täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şu jähetden, ýaş nesliň sözleýiş dilini ösdürmekde bildirilýän talaplardan ugur alyp, mekdepde türkmen dili sapaklarynda beýannamalary öwretmegiň döwrebap usulyýetini işläp düzmegiň we ylmy taýdan esaslandyrmagyň aýratyn ähmiýeti bardyr.
Sözleýiş dilini ösdürmek her bir okuwçynyň agzybirlik, dostluk-doganlyk, Watan, ene toprak baradaky garaýşyny edebi dilde dogry, düşnükli beýan etmek başarnyklaryny gazanmakdan ybaratdyr.
Mekdep okuwçylarynyň dil we ýazuw sözleýşini, sözleýiş medeniýetini ösdürmek, esasan, türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň paýyna düşýär. Orta mekdepde türkmen dili ýönekeý bir ders bolman, eýsem, ol ähli dersleri öwrenmegiň hem serişdesidir. Şonuň üçin bu dersiň öwrenilişiniň dogry guralmagynda, okuwçylaryň sözleýiş diliniň ösdürilmeginde mugallymlaryň umumy tagallasy zerurdyr.
Okuwçy çagalykdan başlap, türkmen halk döredijiliginiň naýbaşy eserlerinden, çeper eserlerden habarly bolsa, onda şeýle okuwçy beýannama ýazmakda garaşylýan netijäni berip biler.
Okuwçylaryň dil we ýazuw sözleýişleri başlangyç döwürde kemala getirilýär. Okuwçylaryň türkmen milli edebi dilini we onuň ýazuw düzgünlerini, pikir yzygiderliligini pugta berjaý etmegi zerurdyr. Beýannama üçin saýlanyp alnan tekstleriň mazmuny terbiýeçilik ähmiýetli we okuwçylar üçin anyk, düşnükli bolmalydyr.
Mugallym okuwçynyň dil we ýazuw sözleýşini ösdürmekde beýannamanyň sözleriniň, söz düzümleriniň, sözlemleriniň grammatik taýdan dogry baglanyşdyrylyşyna, düzülişine we okuwçynyň söz gorunyň baý bolmagyna üns bermelidir. Mugallym okuwçylaryň diňlän tekstini obrazly sözlerden, täsirli jümlelerden peýdalanyp, sagdyn pikirli özara baglanyşykly beýan etmeklerini hasaba almalydyr. Bu ýagdaý okuwçylary diliň çeperçilik serişdelerini: janlandyrmany, deňeşdirmäni, ulaltmany, kiçeltmäni, meňzetmäni, sypatlandyrmany biri-birinden tapawutlandyrmaga ugrukdyrýar. Bu babatda beýannama bilen baglanyşykly esasy maksatlardan daşlaşmazlyk we wagty tygşytly peýdalanmak zerurdyr.
Şeýlelikde, beýannama ýazdyrmak arkaly sözleýiş dilini ösdürmek netijeli bolar. Okuwçylaryň sözleýiş medeniýetiniň kämil bolmagyny gazanmak üçin olar tekstlerde berlen durnukly aňlatmalary ýatda saklap, olardan ýerlikli peýdalanmagy başarmalydyrlar. Soňabaka, çeperçilik serişdelerini okuwçylaryň özlerine tapdyryp, şolary ýazuw işlerinde ulanyp bilmeklerini gazanmak gerek.
Bu düşünjeleriň çäginde dil bilen edebiýat birleşýär. Ikinji bir tarapdan bolsa, grammatik kadalar bilen birlikde, edebi-nazary düşünjeler özara utgaşdyrylýar. Beýannama ýazdyrylanda, okuwçylaryň eserde awtoryň ulanan çeperçilik serişdeleri hakynda diňe öz pikirini ýazmaklary bilen çäklenmän, olary tekstiň özünden alnan jümleleriň üsti bilen düşündirip bilmeklerini gazanmak möhümdir. Okuwçylar tekstleriň çeperçilik serişdelerini beýan edenlerinde, olaryň dil aýratynlygyny seljerip bilmelidirler.
Okuwçylaryň öz pikirlerini ýazuw sözleýşi arkaly kämil beýan etmeklerini gazanmak maksady bilen, mugallym okuwçylara zerur bolan ugrukdyryjy maslahatlary berip durmalydyr. Mugallym beýannamanyň meýilnamasynyň düzülmegine ýolbaşçylyk edende, pikir yzygiderliliginiň sagdyn, çeper ýazgylar hem-de oýlanyşykly beýan etmeler bilen bagly bolmalydygyny göz öňünde tutmalydyr. Olara berlen tekstiň haýsy böleklerine köp üns bermelidigini, wakalary nähili yzygiderlilikde beýan etmelidigini düşündirmelidir hem-de olary özleşdirmäge ugrukdyrmalydyr. Okuwçylaryň bilesigeliji soraglaryna mugallym anykdan, kesgitli jogap bermelidir.
Türkmen dili sapaklaryna bildirilýän talaplar sapaklarda, şeýle hem sapakdan daşary işlerde beýleki ders mugallymlary tarapyndan goldanyp durulmalydyr. Ders mugallymlarynyň okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrmak meselesine bagyşlanan tejribe alyşmagy guralmalydyr we usuly birleşmeleriň maslahatlarynyň geçirilmeginiň täsirliligi güýçlendirilmelidir.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda dünýäde ýörgünli innowasion usulyýetleri iş ýüzüne ornaşdyrmaga, milli ylym-bilim ulgamyny özgertmäge, okatmagyň hilini döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge bolan mümkinçilikler barha artýar.
Milli dili gowy bilmek okuwçylaryň sowatlylyk derejesiniň ýokary bolmagynyň möhüm şertidir. Ýaş nesliň türkmen edebi dilimizi çuňňur bilmekde, döwrüň talaplaryna laýyklykda öwretmekde döwrebap işler has-da kämilleşdirilýär.
Türkmen halkynyň bagtyýarlygy, ýaş nesillerimiziň şu güni we geljegi üçin asyrlara barabar beýik işler amala aşyrylýar. Ynsan durmuşyny gözellige öwürýän bilim ulgamynyň dünýä nusgalyk orunda bolmagynda belent ösüşleri bilen umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen ajaýyp taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk bilim, döwrebap terbiýe almagyna, saglygyny goramagyna hem-de berkitmegine aýratyn üns berilýär.
Gülşirin RYZZAKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.