Döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti


Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bilim edaralarynda hem innowasion tehnologiýalar, täzeçil çemeleşmeler işjeň ornaşdyrylyp giňden peýdalanylýar. Bu bolsa özüniň ajaýyp miwelerini berýär.

Sanly tehnologiýalaryň okgunly ösýän zamanasynda kompýuterleriň we beýleki enjamlaryň mümkinçiligi has ýokarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda internet tory hem her bir hojalyk üçin elýeterlidir. Munuň özi bilimiň hilini ýokarlandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar. Tehnologiýalaryň peýdalanylmagy okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Dürli ýurtlarda geçirilen barlaglar innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy arkaly guralýan sapaklaryň okuwçylaryň we talyplaryň ünsüni çekmekde has gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini tassyklaýar.

Innowasiýalar mugallymlar üçin hem täze mümkinçilikleri hödürleýär. Sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly her bir okuwçynyň ýa-da talybyň bilim derejesini we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan okuw meýilnamalaryny düzmek mümkin. Bu bolsa olaryň her biriniň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we durmuşa geçirmäge kömek edýär.

Bu günki gün bilim beriş işinde «akylly» kitaplar we depderler hökmünde häsiýetlendirilip bilinjek elektron serişdeler örän köp bolup, olary okuw işinde peýdalanmagyň uly mümkinçilikleri bar. Sanly tehnologiýalar okuwçylaryňdyr talyplaryň guralýan sapaklary özleşdiriş derejesine laýyklykda, yzygiderli kämilleşmek üçin zerur ýumuşlary taýýarlamaga, olaryň ýetişigine takyk baha bermäge ýardam edýär.

Sanly tehnologiýalar mugallymlara okuwçylaryň we talyplaryň öýe tabşyrylan ýumuşlaryny, özbaşdak işlerini has çalt barlap, olary talabalaýyk bahalandyrmaga, tygşytlanan wagty okuw usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmek üçin öz üstünde işlemäge giň şertleri açýar. Testleriň jogaplarynyň wagtynda barlanyp, dogry we ýalňyş jogaplaryň bilim alýanlara çalt mälim edilmegi olaryň okuw işine gyzyklanmasyny hem-de höwesini artdyrýar. Ýalňyşlaryň üstünde wagtynda işlenmegiň öwrenilýän maglumatlaryň ýatda galyjylygyny ýokarlandyrmakda hem ähmiýetlidigini köp sanly barlaglar tassyklaýar.

Innowasiýalar bilim ojaklarynda diňe bir okuw işini däl, eýsem, guramaçylyk we terbiýeçilik wezipelerini çözmekde hem täze mümkinçilikleri açýar. Sanly tehnologiýalar mugallymlara birek-birek bilen tejribe alyşmakda, şeýle hem okuwçylaryňdyr talyplaryň ata-eneleri bilen işjeň aragatnaşyk saklamakda has oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Internetiň üsti bilen mugallymlar we terbiýeçiler zerur maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik tapýarlar.

Berkarar Watanymyzda sanly tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlary bilen birlikde, bilim ulgamynda hem barha işjeň peýdalanylýar. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirilip, okuw-terbiýeçilik işi yzygiderli kämilleşdirilýär.

Tawus GURBANNAZAROWA,

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27