Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasy.


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Kerimow Kerim 2025-nji ýylyň 7-10-njy fewral aralygynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän 29-njy Halkara ýaryşynyň ilkinji gününde 71 kg agramy bilen söweş sambo boýunça ýaryşyna gatnaşyp kümüş medala mynasyp boldy.

Şeýle hem, “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Burhanowa Selbi 2025-nji ýylda 8-nji ferwalynda Dzýudo boýunça Aşgabat şäheriniň 2025-nji ýylyň Açyk çempionatynda 2003-2008-nji ýyllarda doglan aýallar we ýaş gyzlaryň arasynda 52 kg agram derejesinde çykyş edip III orny eýeledi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27