Şekillendiriş sungaty muzeýiniň döredilmegine 20 ýyl doldy


Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň döredilmegine 20 ýyl dolýar. Şu mynasybetli bu ýerde «Sungat — parahatçylygyň dili» atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi açyldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Türkmenistanda ilkinji muzeý ýygyndysy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlanýar. Bu ýygyndy türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişli eksponatlardan düzülipdir. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň ýygyndysy 1925-nji ýylda Aşgabatda Ülkäni öwreniş muzeýiniň açylmagy bilen baglanyşyklydyr.

1927-nji ýylda rus suratkeşi, akademik A.Karelin muzeýe öz nakgaşlyk, grafika, heýkel, amaly-haşam sungaty eserlerini peşgeş berýär. Şolaryň esasynda Aşgabadyň Ülkäni öwreniş muzeýinde çeperçilik bölümi açylýar. Soň-soňlar çeperçilik bölüminiň üsti Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň muzeýleriniň gaznalaryndan, Tretýakow galereýasyndan, Döwlet rus muzeýinden, Çeperçilik akademiýasynyň, şeýle-de ozalky soýuzyň beýleki şäherleriniň muzeýlerinden gelen sungat eserleri bilen ýetirilýär. 1939-njy ýylda bölümiň eksponatlarynyň köpelmegi we ilatyň arasynda onuň abraýynyň artmagy netijesinde Türkmen döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi döredilýär.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň häzirki binasy 2005-nji ýylyň 17-nji fewralynda sungat janköýerlerine öz gapylaryny giňden açdy. Muzeý gysga wagtyň içinde ýurtda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazandy. Bina üç gatdan hem-de ýerzeminden ybarat bolup, ýokarky iki gatda sergi zallarynyň 11-si ýerleşýär. Şolaryň 9-sy muzeýiň hemişelik ekspozisiýasydyr.

Muzeýiň ilkinji zaly «Garaşsyz Türkmenistan» diýlip atlandyrylýar. Onda türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlary Y.Gylyjowyň, A.Hajyýewiň, Ý.Adamowanyň, döwürdeşlerimiz S.Meredowyň, Ý.Baýramowyň, B.Owganowyň, heýkeltaraş S.Babaýewiň we beýleki suratkeşleriň eserleri görkezilýär. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan arheologik gymmatlyklar, şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň eserleri, nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, haly, gobelen, keramika, zergärçilik önümleri sergilenýär.

Muzeýiň ekspozisiýasynda XIV — XIX asyrlaryň italýan, flamand, fransuz, golland, iňlis, ispan, nemes suratkeşleriniň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk eserleri, farfor önümleri ýerleşdirilendir. Gündogar halklarynyň sungatyna degişli muzeý toplumynda Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň ussatlarynyň eserlerini görmek bolýar. Rus sungatynyň eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlaryna degişlidir.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda muzeýiň öz web saýty hem-de wirtual saýty döredildi.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi birnäçe döwletleriň muzeýleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasy, Italiýa, Saud Arabystany Patyşalygy, Täjigistan ýaly döwletler bilen taryhy hem-de dostlukly gatnaşyklary beýan edýän ajaýyp sergiler guralyp, bu işler häzirki wagtda-da dowam etdirilýär.

Muzeýdäki eksponatlaryň üsti täze tapyndylar bilen ýetirilýär. Geçen ýylyň ahyrynda Kaka etrabyndaky gadymy Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginden tapylan arheologik tapyndylar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gowşuryldy. Bu dabara bilelikdäki türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň (MAFTUR) döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27