Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy


Türkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew 3-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen “AL-BERUNIY” (Futures) 2-nji halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

FIDE-niň reýtinginde 2516 utuga eýe bolan 25 ýaşly halkara derejeli ussat, mümkin bolan 9-dan 7 utuk toplady.

Ikinji orny şol bir utuk bilen hindistanly grossmeýster Pa Inýan (FIDE reýtingi-2523) eýeledi. Şeýle-de bolsa, aýgytlaýjy taý-breýkde Atabaýew hindistanly garşydaşyny ýeňmegi başardy. Ýaryşyň bürünç medalyna belarussiýaly grossmeýster Mihail Nikitenko (FIDE reýtingi-2512) mynasyp boldy.

Bäsleşik, nusgawy wagt gözegçiligi bilen tegelek görnüşinde geçirildi we Özbegistandan, Hindistandan, Russiýadan, Şwesiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan grossmeýsterler we FIDE-niň ussatlary ýaly iň güýçli küştçileri bir ýere jemledi.

Bu ýaryşda ýeňiş Saparmyrat Atabaýewe halkara grossmeýster derejesiniň berilmegi üçin zerur gutarnykly (üçünji) kadany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Karar resmi ýagdaýda Halkara küşt federasiýasynyň Geňeşiniň (FIDE) mejlisinde kabul ediler.

Saparmyradyň halypasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewdir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27