«Dünýä dilleri ― dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi


11-nji fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen «Dünýä dilleri ― dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Sylag gowşuryş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bolup geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, bäsleşige ýaş terjimeçileriň 100-den gowragy gatnaşypdyr. Hödürlenilen eserleriň arasynda iňlis, rus, arap, koreý, nemes, italýan, türk dillerinden türkmen diline edilen terjimeler bar.

Bäsleşigiň eminleriniň gelen netijesine laýyklykda, gatnaşyjylaryň 30 sanysy ýeňiji diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27