Türkmen küştçisi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşynda altyn medal gazandy


Türkmen küştçisi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşynda altyn medal gazandy
Türkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew 2-12-nji fewral aralygynda Daşkentde geçirilen II Halkara «Al-Biruni» küşt ýarynyň Futures derejesi boýunça çykyş etmek bilen, ynamly ýeňiş gazandy.

Dokuz tapgyrdan soň, Atabaýew öz derejesinde on gatnaşyjynyň arasynda iň gowy netije görkezmegi başardy we ähli bäsdeşlerinden öňe saýlandy. Türkmen türgeni öz ýeňşi üçin halkara ýaryşyň kubogy we 3500 ABŞ-nyň dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27