Sosial torlar ýalňyzlyk duýgusyny güýçlendirýär


Amerikadaky Beýloryň uniwersitetiniň alymlary geň netijä geldiler: adamlar sosial torlarda näçe köp wagt geçirseler, şonça özlerini ýalňyz duýýarlar. Ylmy barlaglaryň jemleri «Personality and Social Psychology Bulletin» neşirinde çap edildi diýip, «caliber.az» ýazýar.

«Sanly» endikleriň adamyň durmuşyna täsirini öwrenmek üçin alymlar topary Niderlandlardan bolan 7 müň sany uly ýaşly internet ulanyjylar barada soňky on ýyldaky maglumatlary öwrendiler.
Alnan netijeler internetden işjeň we işjeň däl peýdalanmagyň adamyň ýalňyzlyk duýgusyny ýitileşdirýändigini görkezdi. Hünärmenler adamyň sosial talaplaryny kanagatlandyrmakda onlaýn-gatnaşygyň janly söhbetdeşligiň ornuny tutup bilmejekdigi barada netijä geldiler.

«Sosial torlar onlaýn-jemgyýetlere elýeterliligi teklip edýärler, emma olaryň işjeň ýa-da seýrek ulanylmagy ýalňyzlygy azaltmaýar, gaýtam tersine güýçlendirýär» diýip, ylmy işiniň awtory, professor Jeýms Roberts gürrüň berýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27