SUSI uçurymlary Pragadaky Global Zenanlar Forumynda


ABŞ-nyň döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwreniş Institutlary” (SUSI) atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde Ýaş Zenan Liderleri Maksatnamasyny gutaran 78 sany ýaş zenan Çeh Respublikasynyň Praga şäherinde 5-9-njy ýanwar aralygynda geçirilen Global Liderler Forumynda (GLOW) duşuşdylar.

Global liderlik konsortiumy tarapyndan gurnalan we ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan goldanan GLOW forumy, soňky üç ýylyň uçurymlaryny bir ýere jemledi, okuwlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň özboluşly gurşawyny döretdi. Foruma Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kiberfiziki ulgamlar fakuletetiniň 2-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa saýlandy.

Forum, geljekki liderlere jemgyýetçilige esaslanýan manyly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur hünärler we maglumatlar bilen üpjün etmäge gönükdirildi. Interaktiw sapaklar, terbiýeçilik we deň-duşlaryň arasynda okuw arkaly, gatnaşyjylar öz geljekki taslamalaryny ösdürmek hünärlerini kämilleşdirdiler, dünýä garaýyşlaryny giňeldiler we güýçli goldaw toruny döretdiler.

Daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamak baradaky taslamalardan başlap, bilim kämilleşdiriş we aýal-gyzlaryň hünärlerini ösdürmegi üçin mümkinçilikleri has-da artdyrmak maksatnamalaryna çenli dürli taslamalar bu ýaş zenanlaryň innowasion ruhuny we yhlasyny görkezdi. GLOW forumy bu aýal-gyzlara diňe bir öz taslamalaryny ösdürmek üçin däl, eýsem öz pikirdeşleri bilen aragatnaşyk gurmak, berk gatnaşyk gurmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat etdi.

Pragadaky bu ýygnak aýal-gyzlaryň liderlik ukyplaryny hem-de ýaş zenanlaryň jemgyýet we dünýä üçin ýagty geljegi gurmakda alyp barýan möhüm waka hökmünde hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27