Tut agajynyň seleksiýasy


Kitapda tut agajynyň seleksiýasynyň döreýşi, ösüşi, ýeten derejesi we esasy ugurlary, tut  agajynyň seleksiýasynda sort we başlangyç serişdeler, onuň täze sortlaryny döretmegiň görnüşi we daşlaşdyrylan çaknyşdyrma, poliploidiýa, emeli mutagenez, seçgi usullaryny, şeýle hem geterozis gibridlerini döretmegiň tilsimi, seleksiýa işini gurnamagyň tertibi, seleksiýa serişdelere baha bermegiň usullary, täze döredilen sortlaryň we gibridleriň döwlet sort synagynyň gurnalyşy we olary oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmagyň tertibi barada maglumat berilýär.

Oba hojalyk önümçiliginiň ylym bilen hyzmatdaşlygyny täze talaplara laýyk ýola goýmak, oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasyny we tohumçylyk işini düýpli kämilleşdirmek barada       hormatly Prezidentimiziň görkezmeleri hem­de köptaraplaýyn goldawlary daýhanlarymyzy, alymlarymyzy we hünärmenlerimizi has netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

«Tut agajynyň seleksiýasy» okuw kitaby «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» oba hojalyk toplumyna girýän pudaklaryň öňünde goýan wezipelerinden, şol sanda ýokary hilli piläni öndürmek, şeýle hem ýüpek gurçuklarynyň ýeke­täk iýmit çeşmesi bolan tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlaryny, seleksiýa işlerini artdyrmak ugrundaky maksatlardan ugur alnyp taýýarlanyldy.

Bu okuw kitabynda tut agajynyň seleksiýasynyň özboluşly aýratynlyklary, oba hojalyk önümçiliginde sortuň ähmiýeti, seleksiýanyň häzirki zaman usullaryny utgaşdyryp, olaryň täze sortlaryny we gibridlerini oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmagyň düzgünleri barada      maglumatlar berilýär. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, aspirantlar, ylmy işgärler we degişli hünärmenler üçin niýetlenendir.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27