«Sanly medeniýet» atly maslahat geçirilýär


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäginde «Sanly medeniýet» atly maslahat başlandy.

Maslahat 10-njy ýanwara çenli dowam eder. Ony sanlylaşdyrma boýunça halkara hünärmen Wiktor Dostow geçirýär.

Maslahata gatnaşýanlar birnäçe günüň dowamynda sanlylaşdyrmagyň esasy düzüm böleklerini we sanlylaşdyrmagyň hereketlendirijisi hökmünde iň möhüm tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşarlar. Bu nukdaýnazardan blokçeýn, emeli aň, şeýle hem kwant hasaplamasy we zatlaryň interneti ýaly «nusgawy» we täze tehnologiýalary agzamak möhümdir.

Aýry-aýry bölümler sanly ýerliklere we sanly sowatlylyga, zähmet bazarynyň sanly üýtgemegine bagyşlanar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27