BAE-däki Täze ýyl feýerwerki iki dünýä rekordyny täzeledi


Birleşen
Arap Emirlikleriniň Ras-el-Haýma emirliginde Täze ýyl dronlarynyň we
feýerwerkleriniň tomaşasy wagtynda iki sany täze dünýä rekordy goýuldy.
Bu barada Emirligiň Turizmi ösdürmek boýunça edarasynyň (RAKTDA) metbugat gullugyna salgylanýan «Report» habar berdi.
Rekordlar
«Dronlar arkaly howada iň uly agajyň şekiliniň döredilendigi üçin» we
«Dronlar arkaly howada iň uly deňiz balykgulagynyň döredilendigi üçin»
diýen ugurlar boýunça bellige alyndy.
«Our
Story in the Sky» şowhuny Emirligiň taryhyna we medeniýetine
bagyşlandy. Dört kilometrlik deňizýaka bölekde dronlaryň, lazerleriň we
feýerwerkleriň üsti bilen üç sagatlyk tomaşa görkezildi. Üç bölümden
ybarat bolan şowhunda Emirligiň ekologik ulgamy, deňiz mirasy we merjen
alnyşy hem-de deňizçiligiň taryhy şöhlelendirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27